Biz barada

Biziň “BAKJAM söwda” Hususy Kärhanamyz özüniň önümçilil işini 2009-njy ýylda Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynda başlady. Biziň kompaniýamyzyň işi süýji desertiň, ýagny wafli sagrajyklarynda, şahjagazlarda doňdurma, eskimo, konteýnerlerde maşgala doňdurmasy, briketler, tortlar we ş.m. ýalu görnüşlerde doňdurmalaryň öňümçiliginden başlandy. Her möwsümde biz görnüşlere täze tagamlar bilen täze ýagdaýlary goşmaga çalyşýarys. Biziň täze tehnologiýa bilen we diňe tebiby öňümlerden öndürilen önümlerimiz owadan açyk dizaýn we çagalygyň ýatdan çykmajak tagamy bilen tapawutlanýar, daşary ýürt öňünleriň ornuny tutýar we biziň ilatymyzda uly islege eýe.

2010-njy ýyldan biz börekleriň önümçiligi boýunça ugry sazlamak bilen, biziň işimiziň täze şahasyny açdyk. Börekleri elden bükmek bilen, kiçi işlerden başladyk. Önüm sarp edijiniň göwnüne ýarady, islege eýe boldy we biz ýarymfabrikatlaryň önümçiligi boýunça awtomatlaşdyrylan ugry goýbermekçi bolduk. Şol wasgtdan biziň görnüşlerimiz: börekler, dürli huruşly warenikler, kiçi-gutaplar bilen doldy we biz munuň bilen saklanmakçy däl.

Şeýle hem, 2010-njy ýylda bir wagtda turşy-süýt önümleriň ugruny açdyk. Biziň görnüşlerimiziň arasynda: gatyk, rýaženka, goýy gatyk, biogatyk, dürli tagamly iýmitlik ýogurtlary, gaýmaklar, dorag bardy. Häzirki wagtda biz täze zawodyň gurluşygy we göçme bilen baglylykda önümçiligi togtatdyk. Emma köp adamlar biziň ýogurtlarymrzy, gaýmaklarymyzy we doragymyzy ýatdan çykarmadylar. Şonuň üçin hem biz öz müşderilerimizi begendirmek üçin turşysüýt önümlerimiziň önümçiligini hökman dikelderis.

Biziň hemişe ýerli bazary ösdürmäge we dürli görnüşlwr bilen doldurmaga çalyşýandygymyz sebäpli 2018-nji ýyldan ýene bir önümçilige başladyk- we bu konserwirlenen önümler. Biziň ähli önümlerimiz ýerli telekeçiler tarapyndan ýetişdirilen ekologik taýdan arassa oba hojalyk çig malyndan öndürilýär. Her ýyldan görnüşler giňeldilýär: marinadlar we tomatlar, dürli görnüşli garbanmalar, souslar, huruşlar, marinadly kömelekler, şeýle hem miwe şerbetleri.

Şeýle hem, biziň görnüşlerimiziň arasynda doňdurylan ir-iýmişler: biziň Watanymyzda ýetişdirilen malina, böwürslen, gara smorodina, ýertudana, ülje bar. Ir-iýmişler jikme-jik saýlanylýar we ähli witaminlerini saklap galmak bilen, şok taýdan doňdurylýar.

Biz önümleriň tagamy, hili, şeýle hem alyjylaryň saglygy babatynda alada edýäris. Önüm himiki goşundyralary, ornuny tutujylary, tagamy güýçlendirijileri ýa-da GMO ulanmazdan, tebigy goşundylary, ornuny tutujylary, tagamy güýçlendirijileri ýa-da GMO ulanmazdan, tebigy goşundylardan öndürilýär.

Diňe tebigy önüm tagamly bolup bilýär.